Myvideo

Guest

Login

Kiprde trkmen migranty 3 yl 10 a azatlykdan mahrum edildi

Uploaded By: Myvideo
628 views
0
0 votes
0

Demirgazyk Kiprdäki Kirinýänyň agyr jeza kazyýeti şu ýylyň 9-njy iýulynda Girne-Alsanjak awtoýolunda türkmen migranty Azamat Rejepowyň ölümine sebäp bolan awtoýol heläkçiliginde, awtoulagy süren türkmen migranty Rüstem Hudaýberdiýewiň 3 ýyl 10 aý azatlykdan mahrum edilmegi barasynda höküm çykardy. “Kipir Gazetesi“ atly neşirde çap edilen habarda aýdylşyna görä, Kiriniýanyň agyr jeza kazyýetiniň başlygy Fadyl Aksun “Ätiýaçsyzlyk we dykgatsyzlykdan adam ölümine sebäp bolmakda“ aýyplanýan türkmen migranty Rüstem Hudaýberdiýewe garşy gozgalan işleriň hemmesinde günäli tapylandygyny aýan edip, 23-nji noýabrda geçirilen kazyýet diňlenişiginde hökümi okady we onuň 3 ýyl 10 aý türme tussaglygyna höküm edilendigini bildirdi. Gazetde ýazylyşyna görä, Kipr raýaty bolmaýan we ýurtda iş rugsady bilen migrantlyk edýän türkmenistanly Rüstem Hudaýberdiýewiň jezasyny çekenden soň deportasiýa ediljekdigine garamazdan, Demirgazyk Kiprde “Ministrler kabinetiniň“ kararlary bilen wagtal-wagtal deportasiýalaryň ýatyrylýandygyny n

Share with your friends

Link:

Embed:

Video Size:

Custom size:

x

Add to Playlist:

Favorites
My Playlist
Watch Later