Türkmenistanyň “Türkmennebit” döwlet konserni özüniň nebit-gaz pudagyna satyn alan enjamlary üçin 8,5 million amerikan dollaryndan gowrak bergisini indi 4 ýyl bäri tölemän gelýär diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar. 19-njy noýabrda bu neşir “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçylary tarapyndan ugradylandygy aýdylýan hatlaryň ençemesini çap etdi. Şol hatlarda degişli türkmen resmileri berginiň tölenmezliginiň sebäplerini, Türkmenistanyň iň uly kompaniýalarynyň birinde puluň ýoklugy bilen düşündirýärler. Neşiriň maglumatyna görä, 2013-nji ýylda “Türkmennebit” we düýbi Kiprde ýerleşýän “I.C. Intercomplect Ltd” kompaniýalary Türkmenistanyň nebit-gaz skwažinalarynda, ýagny buraw guýularynda gazuw-agtaryş we özleşdirme işlerini geçirmek üçin niýetlenen analitik laboratoriýalary we göçme kompleksi satyn almak baradaky şertnama gol goýdular. “Türkmen şelfiniň aýratynlyklaryna laýyklykda, müşderiniň talaplaryna görä, kompleksiň käbir bölekleri Russiýadan, Belarusdan we Amerikanyň Birleşen
Hide player controls
Hide resume playing