Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji noýabrda Aşgabatdaky awtomobil sporty merkezine baryp, täze satyn alnan ýaryş awtomobillerini synagdan geçirdi diýip, döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugy ýazýar. Neşiriň maglumatyna görä, prezident maşyn synagyndan soň içeri işler ministri Isgender Mulikowa Türkmenistanda halkara awtomobil ýaryşyny gurnamagy tabşyrdy. Şeýle-de neşir Berdimuhamedowyň Amuldan Hazara çenli geçiriljek awtoralli ýaryşynyň “badalga we pellehana nokatlaryny kesgitländigini” habar berýär. Bu ýaryşa gatnaşyjylar, habarda aýdylmagyna görä, “düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki ösüş” we ýurduň “sebitleriniň senagatlaşdyrylmagy bilen täze durmuşyň gelendigini” görmeli. Türkmen prezidentiniň bu ideýasy Aşgabatda milliardlarça dollar çykarylyp geçirilen “Aşgabat-2017“ tamamlanaly bäri iki aý hem geçmänkä orta atyldy. Şol bir wagtda ekspertler Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaý ýurtda 199
Hide player controls
Hide resume playing