Türkmenistanda we Merkezi Aziýa ýurtlarynda azyk howpsuzlygynyň ýagdaýy ýaramazlaşýar we bu regionda 5,6 million adam doýa-gana naharlanmaýar diýlip, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba-hojalyk programmasynyň täze hasabatynda aýdylýar. Guramanyň “Merkezi Aziýada we Ýewropada azyk howpsuzlygynyň hem-de iýmitlenişiň ýagdaýy – 2017” at bilen 4-nji dekabrda ýaýradan hasabatynda, Türkmenistanda 0,3 million adamyň ýa-da ýurduň ilatynyň 5,5%-niň doýa-gana naharlanmaýandygy bellenilýär. Bu görkeziji Täjigistanda 2,6 million adama ýa-da ilatyň 30,1%-ne, Özbegistanda 1,9 million adama ýa-da ýurduň ilatynyň 6,3%-ne, Gyrgyzystanda 0,4 million adama ýa-da ýurduň ilatynyň 6,4%-ne barabardyr. Hasabatda aýdylmagyna görä, 2005-nji ýyl bilen deňeşdirilende, regionyň ýurtlary doýa-gana naharlanmaýan ilatyň sanyny kemeltmek boýunça ep-esli öňe gidişlik gazandylar. Ýöne häzirki wagt regiondaky ýagdaý durnukly bolup, görkezijiler adatça üýtgemeýär we adamlaryň ýeterlik derejede iýmitsizlenmegi bilen bagly problemalar has
Hide player controls
Hide resume playing