Myvideo

Guest

Login

Trkmenistan: Bank kartlaryna pul geirmge baranlardan gwnama talap edilr

Uploaded By: Myvideo
536 views
0
0 votes
0

Türkmenistanyň banklarynda özleriniň plastik bank kartlaryna pul geçirmäge baran türkmenistanlylardan, öz işleýän edarasyndan ýörite güwänama talap edilýär diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär. Neşiriň 6-njy noýabrda çap eden maglumatyna görä, gürrüňi edilýän güwänamada banka baran döwlet işgäriniň häzirki wagtda zähmet ýa saglyk dynç alşynda, ýa-da tölegsiz zähmet dynç alşyndadygy tassyk edilmeli. “Eger şol güwänama bolmasa, onda raýatyň plastik bank kartyna pul geçirmegine rugsat berilmeýär” diýip, neşir belleýär. Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri hem tassyklap, VISA ýa-da MasterCard bank kartlaryna pul geçirmek üçin banklara baran raýatlardan, öň haýsy edaradan, näçe aýlyk alýandygy hakynda güwänama talap edilen bolsa, indi şol güni işgäriň zähmet dynç alşyndadygy baradaky güwänamanyň hem soralýandygyny aýdýarlar. “Indi sen haýsy edaranyň işgäri bolsaň, şol edaradan plastik karta pul goýmaga gelen günüň – zähmet rugsadyndamy ýa saglyk ýagdaýyň sebäpli işe çykyp bileňokm

Share with your friends

Link:

Embed:

Video Size:

Custom size:

x

Add to Playlist:

Favorites
My Playlist
Watch Later