Myvideo

Guest

Login

AKYNLARYNY ITIRENLERE - Begli Halmammedow

Uploaded By: Myvideo
1 view
0
0 votes
0

awtor: Kerim Hally video: Allaguly Hommakow TEXT: Bir adamyň ogul perzendi boldy, Emma iki ýaşda dünyäden ötdi. Alla oña ýene bir ogul berdi, Bir ýaşda ony hem topraga gatdy. Iki perzendini jaýlan bu bendä Dört sany gyz berdi Hudaýym. Gyzlaryň ulusy kemala gelip Durmuş gurdy. Aldy bagtdan paýyn. Emma olam ýigrim ýaşyň içinde Ezraýyla şirin janyn tabşyrdy. Bir agtyk söýdürip ikinji gyzy Ol hem bakyýete gadamyn urdy. Iki gyzy, ogly öz eli bilen, Gömen ata gamyn ile paýlady. Soň üçünji gyzyn ýigrimi ýedide, Özün synap duran ýere jaýlady. Ýeke gyzy bilen galan biçäräň Kalby lerzan bolup, bagry daglandy. Emma ogul berdi oña Ýaradan, Ol ynsan bu ogla juda baglandy. Bar durkuny beren çagasy bilen. Deñ aglar, deñ güler, hatda deñ iýer. Betbagt ynsanyň söwer oglunam. Bir ýarym ýaşynda aldy ene ýer. Alty perzendini jaýlan yüregi. Iň gatysyn gördi musallat, belaň Emma bilyäňizmi ol ynsan kimdi? Pygamber Muhammet Aleýhissalam! Entek bu dünyäde, hiç bir adamzat Onça gazanmandy söýgüsin hakyň. Emma wepasyny göz etmek ügin, Resulyna beren synagna bakyň! Allañ gazabydyr öýdüp düşünmäň. Elden alsa ýakyn, söýegleriňi. Sabyr, ynam, dogañ kalbyñda bolsun, Alla agyr synar söyenlerini! #gosgylar #стихи #muhammad #peygamber #rasulullah #пророк #мухаммад #мухаммадсаллалахуалейхивасаллям #стихожизни #durmus #рекомендация #тренд

Share with your friends

Link:

Embed:

Video Size:

Custom size:

x

Add to Playlist:

Favorites
My Playlist
Watch Later