Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji dekabrda welaýat, şäher we etrap prokurorlaryny wezipä bellemek baradaky kararlara gol çekdi. Rahim Ataýew Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurory wezipesinden boşadylyp, Mary welaýatynyň prokurory, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň prokurory bolup işlän Döwran Berdimyradow Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesine bellenildi. MaksatKulyýew Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň, Ruslan Rebbenakulyýew Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň, Atabeg Golbaýew Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň, Annamyrat Amangeldiýew Çärjew etrabynyň prokurory wezipelerine bellenildi. Döwletiň resmi habar saýtlarynda täze wezipä bellenilen prokurorlaryň terjimehallary, iş tejribeleri barada maglumat berilmeýär. Prezident prokurorlary täze wezipelere bellemek kararyna Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýylyň 11 aýyndaky işleriň netijelerine bagyşlanan göçme mejlisinde dol çekdi. Şeýle-de prezidentiň Mary welaýatynyň prokurorynyň orunbasary Şöhrat
Hide player controls
Hide resume playing