Aşgabatda ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hasabyna gurlup, işgärlere uzak möhletli ýeňillikli kredite berlen ýokary amatlykly jaýlaryň eýeleriniň köpüsiniň her aýda tölemeli ipoteka töleglerini töläp bilmeýändikleri we jaýlaryny yzyna tabşyrýanlaryň köpelýändigi aýdylýar. Azatlygyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar özleriniň indi bu tölege gurplarynyň çatmaýandygyny aýdýarlar. Aeroportyň, Merkezi bankyň, Demirýol we ulaglar ministrligniň, Oba we suw hojalygy ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligniň, Nebit-gaz ministrliginiň we başga-da birnäçe ministrligiň işgärleri üçin gurlan ýokary amatlykly, il içinde “elitniý” diýlip atlandyrylýan jaýlara jaý alan adamlaryň göçüp baranyna ençeme ýyl boldy “Türkmenhowaýollaryna“, käbir ministrliklere degişli jaýlaryň 5 ýyla çenli töleg tölemesiz edilip berilmegi bu jaýlardan almak isleýän adamlaryň sanynyň aşa köpelmegine alyp geldi we netijede, nobatyny öňe süýşürmek üçin para-peşgeş berenler hem boldy diýip, ýaşaýjylary
Hide player controls
Hide resume playing