Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa ýene-de näbelli adamlar tarapyndan hüjüm edildi. Bu waka 27-nji noýabrda sagat 11:50 töweregi Açylowa Aşgabadyň Köşi sebitindäki ýykylan ýaşaýyş jaýlaryny surata düşürýän mahaly bolup, şonda onuň golaýyna ilki 30 ýaşlaryndaky raýat eşikli bir adam gelýär we “Surata alma! Näme üçin surata alýarsyň?’ diýip, gygyryp başlaýar. Açylowa gürrüňi edilýän adamdan daşlaşjak bolanda, başga-da dört sany raýat eşigindäki adam dessine onuň daşyny gabaýar we elinden kamerasyny gaňryp alýar. Şondan soň ol bu adamlardan kamerasyny yzyna almaga synanyşanda, onuň daşynda dessine polisiýa eşigindäki ýene üç adam peýda bolýar we olar Açylowany ak reňkdäki awtoulaga mündirip, nämälim ýere alyp gidýärler. Şol ýerde awtoulagyň içindäki polisiýa işgärleriniň biri ulagdan düşüp, telefon arkaly birileri bilen gürleşýär. Soňra-da olar Açylowa yzyna gidip, kamerasyny alyp biljekdigini aýdýarlar we ony ulagdan düşürip goýberýärler. Žurnalist Köşüde jaý ýykylyşygynyň dowam ed
Hide player controls
Hide resume playing