Aşgabatda awtobuslary indi onlaýn görnüşde sargyt edip bolýar: Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasynyň web sahypasynda habar berlişine görä, döwlet edaralary, hususy kärhanalar we paýtagtyň ýaşaýjylary awtobuslary sargyt etmek üçin elektron görnüşde ýüz tutup bilerler. Habarda hususy kärhanalara we raýatlara sargyt esasynda awtobuslarda ýolagçy gatnawyny amala aşyrmak hyzmatynyň töleginiň sagatda 130 manada, döwlet edaralary üçin bolsa 80 manat mukdaryna barabardygy bellenilýär. Awtobuslary sargyt esasynda peýdalanmagyň iň gysga möhleti 1 sagatdyr. Ýüz tutma habarnamasy ulagyň berilýän wagtyndan azyndan 24 sagat öň iberilýär. Awtobusy belläp goýmak üçin bolsa öňünden töleg geçirmelidir. Şeýle-de awtoulagyň iberilýän ýerine gelmegi we yzyna gitmegi üçin hem töleg tölenýär. 🔴 Turkmenportal sosial torlarda: TikTok: @ Instagram: Odnoklassniki: Twitter: https://twitter
Hide player controls
Hide resume playing