1-nji süre: «Fatyha» («Açylyş») «Fatyha» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 7 aýatdan ybaratdyr. Kurany Kerimiň ilkinji süresidigi üçin, oňa «bir ýeri ýa-da bir zady açan, açyjy» manysynda «Fatyha» diýlip at süräniň «Ummul-kitap» («Kitaplaryň enesi»),«Sebgul-mesäni» («Gaýtalanýan ýedi aýat»), «Esas» («Düýp-özen»), «Şifä» («Şypa beriji»),«Käfiýe» («Ýeterlik»), «El-hamd» («Hamdy-sena»), «Salät» («Namaz»), «Dua» («Dileg-doga») we «Taglym» («Tälim») ýaly atlary hem bar. Bu süre halkymyzyň arasynda «Elham» süresi diýlip meşhurlyk gazanypdyr. PygamberimizMuhammet aleýhissalam: «Elhamy» okamaýanyňnamazy ýokdur» diýipdir. Şonuň üçin hem «Elham» süresi namazyň ähli rekagatlaryndaokalýar. Kurany Kerim bütin adamzada dogry ýoly görkezmek üçin inderilipdir. Bu mubärek we uz manyly süre Kurany Kerimiň gysgaça manysynyözünde jemleýän we yslam dininiň düýp özeni hasaplanylýan süredir. Onda taryp edilmäge diňe Allanyň mynasypdygy, Allanyň bendelerinebu dünýäde Rahman (Mähriban), ahyretdeRahymdygy (Rehim-ş
Hide player controls
Hide resume playing