Türkmenistanda ýurt garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli 1636 raýatyň, şeýle-de birnäçe daşary ýurt raýatynyň günäsi geçildi. Emma azatlyga çykýan raýatlaryň arasynda halkara hukuk guramalary tarapyndan syýasy bendiler ýa wyždan ýesirleri diýlip hasaplanylýan adamlaryň hem bardygy ýa ýokdugy belli däl. Bu günä geçiş maý aýynda korrupsiýa garşy yglan edilen giň möçberli göreş netijesinde başlanan täze tutda-baslyklardan soň tussaglaryň sanynyň has artmagy, türme şertleriniň has agyrlaşmagy baradaky aladalaryň yz ýanyna gabat geldi. Maglumat üçin aýdylsa, şu ýylyň iýun aýynda, Gadyr gijesine gabatlanyp yglan edilen günä geçişde 1000 tussag azatlykdan mahrum etmek baradaky esasy jezasyny çekmekden boşadyldy. Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesiniň berýän maglumatlaryna görä, ykdysady krizisiň çuňlaşmagy, korrupsiýa garşy yglan edilen göreş bilen baglylykda türme tussaglarynyň sanynyň birnäçe esse köpeljekdigi, tussaglara berilýän naharyň azaldyljakdygy we bendileriň esasan yzlaryndan gelýän azyk önümleri
Hide player controls
Hide resume playing