Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky kadr çalyşmalarynyň çäginde Mary welaýatyna baryp, welaýat häkimini wezipesinden boşatdy. Şol bir wagtda-da ol soňky ýyllarda bu welaýatda “ähli ugur boýunça gowy netijeleriň gazanylandygyny” nygtaýar. TDH-nyň maglumatyna görä, Mary welaýatynyň häkimi Bäşim Anngurbanow wezipesinden “başga işe geçýändigi üçin” boşadyldy, emma Sakarçäge etrabynyň häkimi “işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin” diýlip, işden aýryldy. Mary welaýatynyň häkimi wezipesine maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary bolup işlän Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň häkimiň wezipesine Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän Toýly Kakajanow bellenildi, emma olaryň haýsy iş sypatlary üçin beýle jogapkär wezipelere bellenilýändigi, ozalky ýolbaşçylardan tapawutlylykda nähili öňegidişlik gazanmaga çalyşjakdygy anyklaşdyrylmady. Bu kadr çalyşmalary Lebap welaýatynda amala aşyrylan kadr çalyşmalarynyň yz ýanyna g
Hide player controls
Hide resume playing