Aşgabadyň awtobuslaryndaky kartly töleg düzgüni welaýatlylary kyn güne salýar Aşgabadyň jemgyýetçilik transport serişdelerinde täze girizilen kartly töleg düzgüniniň, welaýatlardan paýtagta sapar edýän türkmenistanlylar üçin kynçylyk döredýändigi habar berilýär. Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, şu günler awtobus sürüjileri ýörite kartlar arkaly tölegleri amala aşyrmadyk aşgabatlylara, şeýle-de welaýatlardan gelen ýolagçylara dessine 50 manat möçberinde pul jerimesini ýazýarlar. “Paýtagtyň awtobuslaryna münenimde, 50 teňňe tölegini berjek boldum. Ýöne awtobus sürüjisi plastik kart bolmasa, nagt töleg kabul etmeýändigini aýdyp, maňa 50 manat möçberinde jerime ýazdy. Men özümiň welaýatdan gelendigimi aýtsamam, meni diňlemedi. Üstesine-de, meni awtobusdan düşürdi” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran maryly 35 ýaşlaryndaky zenan Azatlygyň ýerli çeşmesine gürrüň berdi. Ýatlap geçsek, şu ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, Aşgabadyň jemgyýetçilik transport serişdelerinde bir ugur boýunça tölegl
Hide player controls
Hide resume playing