Türkiýe türkmen migrantlarynyň agdyklyk edýän esasy ýurdy bolmagyny dowam etdirýär. Şonuň üçinem türk mediasynda yzygiderli ýagdaýda türkmenistanly migrantlaryň duçar bolýan çykgynsyz ýagdaýlary we şol sanda hossarlary tarapyndan gözlenýändigi aýdylýan dürli habarlar ýaýraýar. Azatlyk Radiosyna ýüz tutan owalky bir organ işgäriniň sözüne görä, Türkiýä işlemäge diýip giden ogly bilen gelninden ýarym ýyldan gowrak wagtdan bäri habar alyp bilmeýändigi üçin, Lebap welaýatynyň ýerli organlaryndan kömek soranda, milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri kömek etmegiň deregine, gaýtam oňa haýbat atypdyrlar. “Men Lebap welaýatynyň ýerli organlaryna, ilki polisiýa we soň hem prokuratura oglum bilen gelnimi tapyp bermegi üçin ýüz tutdym. Soň milli howpsuzlyk gullugy nädip we nireden habardar bolupdyr bilemok, meni soraga çagyrdylar. Onsoň olar maňa “Hawa, ýaşuly, näme etjek bolýaň? Ogluň bilen gelniňi näme üçin daşary ýurda iberdiň? Olary türke ibereniňde, bize näme üçin habar bermediň we indi kömek soraýarsyň? Olaryň tü
Hide player controls
Hide resume playing