Täze we owadan dizaýna eýe bolan «Hyundai Sonata-nyň» müşderilere 3 görnüşde hödürlenjekdigi nygtalýar. Müşderiler, isleglerine görä, ulagyň 2,5 litrlik dört silindrli, üfleýjisiz hereketlendirijili, 2,5 litrlik dört silindrli, turboüfleýjili hereketlendirijili we 2 litrlik gibrid hereketlendirijili görnüşlerini saýlap bilerler. Ulagyň täze neslinde howpsuzlyk ülňülerine aýratyn üns berlipdir. Onda çaknyşyklaryň öňüni almak, sürüjä görünmeýän zolaklardaky howplar barada habar bermek, «Stop & Go-ly» «akylly» kruiz-kontrol we ýolda sürüjä kömek berýän tehnologiýalar göz öňünde tutulan. Awtomobilde iki ekran, ýagny sürüjiniň öňünde 12,3 dýuýmlyk we multimediýa maksatly hem 12,4 dýuýmlyk ekranlar bar. Ulaga iOS we Android ulgamlarynyň üsti bilen baglanyp, ulagyň «akylly» bölegini dolandyryp bolýar. Ajaýyp dizaýnly ulaglary mart aýynyň 30-yndan aprel aýynyň 9-y aralygynda geçiriljek Seul awtosergisinde we 6-njy aprelde Nýu-Ýorkda geçiriljek sergide görüp bolar. #hyundai #sonata2024 #salamnews
Hide player controls
Hide resume playing