Türkiýäniň turizm şäheri Bodruma dynç alyşa baryp, soň myhmanhanada ten söwdasy bilen meşgullanmaga başlandygy öňe sürülýän migrant zenanlar polisiýanyň gurnan operasiýasynda ele salyndy. Ol zenanlardan biriniň hem türkmenistanlydygy habar berilýär. Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýran habarlarda aýdylşyna görä, türk polisiýasy ýurduň Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynda bir myhmanhanada 5 sany daşary ýurtly zenany ten söwdasy bilen meşgullanmakda güman edip, göz astyna alypdyr. Türkiýäniň Milliýet gazeti, mundan 2 aý owal Bodrum şäherine dynç almaga baran 8 sany daşary ýurtly turistden diňe 3 sanysynyň öz ýurduna dolanandygyny, galan 5 sany daşary ýurtly zenanyň bolsa, myhmanhanada bolmaga dowam edendigini ýazýar. Gazetiň habaryna görä, türk polisiýasy dynç alyş möhleti gutarandygyna garamazdan ýurduna dolanmaýan türkmenistanly K.S, gyrgyzystanly Z.A, K.S, A.G. we russiýaly K.S. atly zenan migrantlaryň Bodrumyň Gümbet diýen ýerindäki myhmanhanada ten söwdasy bilen meşgullanýandygyny an
Hide player controls
Hide resume playing