HHR-iň ykdysady merkezleriniň birinde — Şanhaýda dünýäniň iň iri awtosergileriniň biri açyldy. Sergide Hytaý we dünýä awtoöndürijileri täze önümlerini görkezdiler. Olaryň arasynda «BMW-niň» täze sedany has-da tapawutlanýar. «BMW i7 M70 xDrive» kompaniýanyň 7-nji nesliniň iň tiz sedanydyr. Sedan iki motora eýe. Ulagyň öňünde ornaşdyrylan motoryň kuwwaty 258 at güýjüne, yzdaky motoryňky bolsa 489 at güýjüne eýe. Ulagyň umumy kuwwaty — 749 at güýjüne deň. Bu kuwwat agyr awtomobile 100 km/sag tizlige bary-ýogy 3,7 sekuntda ýetmäge mümkinçilik berýär. Ulagyň iň ýokary tizligi sagatda 250 kilometre barabar. Elektrosedanyň batareýasynyň kuwwaty pes. Öndüriji firma ulagyň ýol ätiýaçlygynyň 560 kilometre deňdigini aýdýar, ýöne ulagda «ulitka» funksiýasynyň üsti bilen bu ýoly 25 göterim köpeldip bolýar. Şol bir wagtyň özünde «ulitka» bilen ýörejek ulagyň iň ýokary tizliginiň sagatda 90 kilometrden geçmeýändigini unutmaly däl. Ulaga «aşyk» bolmak üçin bu görkezijiler ýeterlikmi? Elektromobilde 8K hilli 31 dýuýmlyk ekran ornaşdyrylypdyr! Onda islendik wideolary görmek mümkin. Täze «BMW» üçin, hiline görä, 120 295 amerikan dollaryndan başlap, 150 müň amerikan dollaryna çenli töleg tölemeli bolar.
Hide player controls
Hide resume playing